Tejribe alşyldy

8 Aprel 2021
1065

Ýakynda Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebi bilen Daşoguz welaýat Ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly usuly-okuw maslahat hem-de ussatlyk sapagy geçirildi. «Saz nazaryýetiniň häzirki zaman usullary» atly usuly-okuw maslahaty hem-de ussatlyk sapagy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýyla bagyşlandy. Oňa iki welaýatyň Ýörite sungat mekdepleriniň tejribeli mugallymlary gatnaşdy.

Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebiniň sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň müdiri Baýramdurdy Artykow wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän usuly-okuw maslahaty hem-de ussatlyk sapagyny açyp, onuň ähmiýeti barada gürrüň etdi. Usuly-okuw maslahatynda hem-de ussatlyk sapagynda mowzuklaýyn çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary P.Hudaýarowanyň «Çagalar sungat mekdeplerinde solfejio dersini okatmagyň meseleleri», M.Hudaýarowyň «Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminde täze maksatnama boýunça işleniliş usullary», P.Ýalmanowyň «Saz teoriýa dersiniň öwrenilmegi», P.Aşyrberdiýewiň «Dünýä saz sungaty» atly çykyşlary örän täsirli boldy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegi, kämilleşmegi we dünýä çykmagy ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda döwrebap sungat mekdepleri açylyp, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegi bilen birlikde, bu ugurda kämil hünärmenleriň kemala gelmegine uly üns gönükdirilýär. Şonuň bilen baglanyşykly wezipeler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem öz beýanyny tapýar. Maksatnamada döwletimiz tarapyndan medeniýet ulgamyny maglumatlar bilen üpjün etmek, çeper döredijilik we innowasiýa işi üçin şertleri döretmek, ilat üçin medeni gymmatlyklaryň elýeterliligini giňeltmek we dünýä medeniýetine goşulyşmak boýunça işjeň çäreleriň görülmegi bellenilýär. Munuň özi sungat ugrundan ýaşlara bilim berýän mugallymlary has-da tutanýerli, täzeçil işlemäge ruhlandyrýar.

Pürli GURDOW,
Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.