Aşgabat — gözelligiň ajaýyp nusgasy

8 Aprel 2021
894

Dünýä abadanlyk nuruny çaýýan, parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasaty, gaýtalanmajak binagärlik başlangyçlary netijesinde beýik ösüşlere eýe bolýar. Merjen paýtagtymyzda dünýä ülňülerine kybap gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, bilimleriň ojagy bolan ak mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport maksatly desgalaryň we beýleki möhüm ähmiýetli binalaryň gurluşygynyň gowşamaýan depginde dowam etdirilmegi paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň düýpli özgermegine ýardam edýär. Ýurdumyzyň paýtagtynda gözellikde deňi-taýy bolmadyk binalaryňdyr desgalaryň ençemesiniň gurulmagy, türkmen halkynyň eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagy üçin gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň ençeme hatary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ulag ýollary milli Liderimiziň eziz paýtagtymyzy dünýäniň iň ösen we nusgalyk şäherine öwürmek baradaky durmuşa geçirýän halk bähbitli işleriniň datly miweleridir.

Gahryman Arkadagymyzyň döwrebap şähergurluşyk maksatnamalarynyň esasyny düzýän we raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürmäge gönükdirilen taslamalar paýtagtymyzy giňden gurşap alýar. Aşgabat şäheriniň dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherdigini aýratyn belläsimiz gelýär. Mermer paýtagtymyzyň gözel keşbi ylmyň döwrebap gazananlaryna, şähergurluşyk tejribesiniň öňdebaryjy nusgalaryna, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň kämil innowasion çemeleşmelerine daýanýar. Munuň özi paýtagtymyzyň oňyn halkara tejribäniň yzygiderli ornaşdyrylmagy arkaly barha gözelleşmeginiň, abadanlaşmagynyň ileri tutulýandygynyň aýdyň mysalydyr. Şu maksatdan ugur alnyp, ýurdumyzda gurulýan täze desgalaryň ählisiniň ýokary hil görkezijilerine, ekologiýa talaplaryna kybap gelmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Gülşirin ÖWEZOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.