Ökdeler öňe saýlandy

7 Aprel 2021
1064

Türkmen milli sazlarynyň müň röwüşli öwrümleriniň aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmek, bagşyçylyk sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, dutar ussaçylygynyň halk tejribesini has-da kämilleşdirmek we ýaş nesillerde halk aýdym-sazlaryna söýgi döretmek babatda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Şeýle maksat bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilelikde ýurdumyzyň dutar ussalarynyň, bagşy-sazandalarynyň arasynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly bäsleşigi yglan etdi. Ýaňy-ýakynda bu bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi.

Bäsleşige gatnaşanlar Düzgünnama esasynda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň her ugruna eminler tarapyndan adalatly baha berlip, ýeňijiler Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Diplomlary we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Meretgeldi NURBERDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.