Ýagşylyk ýoly — ýaşaýşyň ýörelgesi

7 Aprel 2021
853

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 29-njy martynda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda döwletli Karara gol çekmegi watandaşlarymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Şeýle başlangyjyň hut milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülmegi ata-baba dowam edip gelýän ynsanperwer ýörelgäniň has täze röwüşde ýüze çykmasydyr. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen täze gazna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň bu gazna aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny geçirmegi halkymyzyň arasynda haýyr-sahawat işiniň giň gerim almagyna badalga boldy.

Ýagşy häsiýetleriň, makul edim-gylymlaryň hemmesi-de eý görülýär. Dogrusy, olaryň birini apalap, beýlekisini peslär ýaly däl. Üstesine-de, ýürekdäki ýagşy niýetden başlap, il nazaryny özünde jemleýän, uly-kiçiň alkyşyna, at-abraýa atarýan amallar, hereketler rysgal-berekediň artmagynyň esasy çeşmesi hasaplanýar. «Her bir ýagşy gylygyň öz şatlygy bolýar. Şol häsiýeti ýok adamlar ony duýup bilmezler» diýip, gadymy kitaplarda ýazylypdyr. Ynsanyň gowulygy hem, aslynda, gowy häsiýetleriniň möçberi bilen kesgitlenilýär. Ýagşy häsiýetleriňiz näçe köp bolsa, siz şonça-da gowy adamsyňyz.

Rahmet GYLYJOW,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory.