Durmuş rowaçlygyna goşant

5 Aprel 2021
832

«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn sebitinde «Internasional Ltd.» Hytaýyň milli Nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň Gündogar gaz käninde täze gaz ýygnaýjy beketler işe girizildi. Olar dünýäniň iň kämil enjamlary bilen abzallaşdyrylyp, ähli tehnologik işler awtomatik usulda alnyp barylýar. Tebigy gaz ýygnaýjy beketlerden gaz geçirijiler arkaly ilkinji gaz taýýarlaýjy desgasyna ugradylýar. Bu desgada onuň düzümindäki suwuklyklar bölekleýin bölünip aýrylýar we guradylýar. Bölünip çykarylan gaz kondensaty we arassalanylan gaz magistral gaz geçirijileri arkaly gazy gaýtadan işleýän zawoda ugradylýar. Şeýlelik bilen önümçiligiň gidişi dyngysyz alnyp barylýar.

Önümçilik kärhanalarynda türkmen we hytaý hünärmenleri agzybirlikde zähmet çekýärler. Işgärleriň hünär we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almaga taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen raýat goranyşy we ýangyn howpsuzlygy boýunça çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle-de bu ýerde möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi hem berk ýola goýuldy. Welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 6-njy ýangyn howpsuzlyk otrýadynyň garamagyndaky 574-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň, şahamçanyň önümçilik kärhanalarynyň zähmeti goramak, saglyk, daşky gurşaw we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça hünärmenleri tarapyndan öňüni alyş, wagyz-ündew işleri hem-de barlaglary yzygiderli geçirilýär, bu babatda degişli çäreler görülýär. Geçirilýän şeýle çärelerde tehniki, zähmet we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri, ýüze çykaýmagy ähtimal ýagdaýlarda her hünärmeniň öňünde duran wezipeler düşündirilýär. Bu bolsa önümçiligiň tehniki talaplara laýyk guralmagyna mümkinçilik berýär.

Babamurat BAÝAZITOW,
«Internasional Ltd.» Hytaýyň Milli Nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça inženeri.