Geljegi nazarlaýan ösüşler

5 Aprel 2021
825

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda welaýatlarymyzda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny açyp görkezýän täze binalaryň, desgalaryň hem-de döwrebap obalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi türkmen döwletliliginiň aýdyň nyşanydyr. Munuň özi, sazlaşykly durmuş-ykdysady ösüşiň, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň anyk beýany bolup durýar. Şonuň bilen bir hatarda, döwletimiziň yzygiderli durmuş-ykdysady ösüşleriniň her bir ugrunyň dünýä bileleşiginiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleri bilen utgaşykly sazlaşýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Häzirki wagtda mähriban halkymyz Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyny ýokary ruhubelentlikde garşylamaga taýýarlyk görýär. Taryh üçin gysga döwürde Türkmenistan Watanymyz ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek bilen, milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyz tutuş jemgyýetimizi gurşap alýan kuwwatly, oňyn özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge her bir raýatyň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň kepili bolup çykyş edýär. Munuň özi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri üçin iň gowy şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň derwaýys ugruny şöhlelendirýär.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.