Paýtagtymyzda abadanlaşdyryş işleri geçirilýär

4 Aprel 2021
862

Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyz 24-nji fewralda paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanyp geçiren maslahatynda degişli ýolbaşçylara bu şanly senä gabatlanyp, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, onuň arassaçylygyna ünsi güýçlendirmek babatynda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, ony dünýäniň iň gözel we arassa, ýaşamak üçin oňaýly şäherleriniň birine öwürmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, şu günler paýtagtymyzda giň gerimli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlandyrylýar. Geçen şenbe we ýekşenbe günleri paýtagtymyz boýunça nobatdaky arassaçylyk çäresine has-da giň gerim berildi. Oňa edara-kärhanalaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylary işjeň gatnaşdylar.

Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».