Adyň dillerde dessan

3 Aprel 2021
835

Bagtyýar halkymyz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny hem-de ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyny giňden baýram etmäge taýýarlyk görýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat soňky ýyllarda özüniň milli binagärlik keşbi bilen sebitiň iň ajaýyp şäherleriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, kaşaň binalar paýtagtymyzyň gözelligine görk goşýar. Soňky ýyllarda Aşgabat halkara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça maslahatlaryň, gepleşikleriň, iri forumlaryň, duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Aşgabadyň ady diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýä ýaň salýar. Hususan-da, 2007-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, 2008-nji ýylda «Ýewropa öýüniň» açylmagy Aşgabadyň ylalaşdyryjy merkeze öwrülýändiginiň subutnamasy boldy. Türkmenistanyň bu iri halkara guramanyň çäklerinde ynsanperwerlik ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny bellemek gerek.

2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi barada Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan taryhy çözgüdiň kabul edilmegi, halkara sport jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary ynamyň bildirilmegi ýurdumyzyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň barha pugtalandyrylýandygyndan nyşandyr.

Kaýylmuhammet ÝAZMUHAMMEDOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.