Bagtyýar ili baýramlar bezeýär

2 Aprel 2021
776

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynda täze ösüşlere hem özgertmelere beslenýär. «Ýurdumyz döredijiligiň we üstünlikleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňaýly täsirini ýetirip, geljege ynamyny has-da berkidýär» diýip nygtaýan we munuň hemişe şeýle bolmagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren ajaýyp zamanasynda toýlarymyz toýlara ulaşýar. Dünýäde paýhasly, öňdengörüji milli Lider hökmünde uly meşhurlyga eýe bolan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň şanyna geçirilýän şatlyk-şowhunly çäreler munuň aýdyň subutnamalary bolup dabaralanýar.

Bagtyýarlyk döwrümizde Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek maksady bilen guralýan çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň hem esasy wezipeleriniň biridir. ªol dabaraly çäreler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda görlüp-eşidilmedik belent sepgitlere ýetendiginiň, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda parahatçylyk söýüjiligi, birek-birege ynanyşmagy, dünýäde dost-doganlygyň dabaralanmagyny baş ýörelge edinýän Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipelere abraý bilen hötde gelýändiginiň, asudalygyň, abadançylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň rowaçlanmagy ugrunda uly tagallalary edýändiginiň aýdyň beýanyna öwrülýär.

Nurbibi DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň başlygy.