Aşgabat — binagärligiň milli nusgasy

2 Aprel 2021
865

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz Aşgabadyň binagärlik keşbini düýpgöter özgertdi. «Aşgabat — bagtyýarlyk döwrüniň şäheri» atly kitapda: «Aşgabat — berkararlygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşleriň, döredijiligiň, döwletliligiň, aýdym-sazlaryň şäheri. Aşgabat — türkmeniň ýüreginiň buýsanjy, gözüniň guwanjy, kalbynyň aýdymy, ruhy galkynyşynyň çeşmesi. Aşgabat — ak ýollaryň, ak arzuwlaryň, ýagşy umytlaryň şäheri. Aşgabat — Orta Aziýanyň merjeni, parahatçylyk dörediji merkez» diýlip buýsanç bilen bellenilýär. ak şäherimiz Aşgabat, hakykatdan-da, häzirki zaman ösüşiň, rowaçlygyň, parahatçylygyň, asudalygyň nyşanyna, halkymyzyň göwün şadyna öwrüldi.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns merkezinde saklamagy netijesinde, Aşgabadyň binagärlik keşbi milli özboluşlylyga baýlygy bilen tapawutlanýar. Milli Liderimiz şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümine, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyna uly üns berýär. Ýene sanlyja ýyllardan ak mermerli Aşgabadyň demirgazygynda peýda boljak «Aşgabat-siti» binagärlik taslamasy, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda «Altyn kölüň» kenarynda ýerleşjek döwrebap kottejler toplumlary, şeýle hem baş şäherimizi ösdürmegiň 18-nji tapgyrynyň çäklerinde Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde bina ediljek durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary paýtagtymyzyň keşbini has-da gözelleşdirip, onuň çäk taýdan giňelmegini hem üpjün eder.

Döwletmyrat TOÝÇYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.