Ynsanperwerligiň belent nusgasy

2 Aprel 2021
774

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 29-njy martynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekip, ýörite haýyr-sahawat gaznasynyň döredilýändigini aýtdy. Täze döredilen bu gazna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy bolsa örän ýerine düşen çözgütleriň biri boldy.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde çagalaryň bagtyýar ýaşamaklary, erkin hem bolelin durmuşda kemala gelmekleri, sagdyn ösmekleri we mynasyp bilim-terbiýe almaklary üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Dünýäde çagalaryň iň arzyly isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy hökmünde tanalýan Diýarymyzda geljegimiz bolan ýaş nesilleriň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalar hormatly Arkadagymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Olaryň milli kanunçylygymyza we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda amala aşyrylmagy çagalaryň ähli babatdaky sazlaşykly ösüşini kepillendirýär. Döwlet maksatnamalarynda we iri taslamalarda bagtyýar nesilleriň geljegi hakyndaky aladalaryň öz beýanyny tapmagy we ähli meýilleşdirilýän çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, olaryň hakyky şahsyýetler hökmünde kemala gelmeklerini şertlendirýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň, saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen olaryň döwrebap bilim almaklary we jemgyýetde mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin hemme şertler döredilýär. Çaga terbiýesine aýratyn ähmiýet berlip, türkmençiligiň ebedilige öwrülen kadalary mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda çagalara degişli bolan ähli edara binalaryň ýokary hilli gurulmagy, abadanlaşdyrylmagy we bagtyýar çagalyk dünýäsine mahsus bezelmegi, täze innowasiýalaryň we ösen tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy döwletiň ýagty geljeginiň özenini düzýär.

Seýitmuhammet ANNABAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.