Resmi habar

2 Aprel 2021
748

30-njy martda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda ýurdumyzyň wekiliýeti 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryny, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparynda boldy.

Bu topara türkmen tarapyndan başlyklyk ediji, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy M.Mişustin bilen bolan duşuşykda senagat, maşyn gurluşygy, energetika, ulag we aragatnaşyk, maliýe-bank ulgamlary ýaly wajyp ugurlardaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk çäreler hakynda pikir alşyldy.