ARKADAGLY DÖWRÜŇ JOŞGUNLY WASPY
Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda, durnukly ösüşiň beýik geljegini nazarlaýan milli ykdysadyýetimizde uly özgerişler bolup geçdi. Täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Dünýä döwletleri bilen dostana gatnaşyklar ýokary derejä çykaryldy. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli, ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge giň mümkinçilikler döredi. Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzy mizemez erkinlige, ruhy hem-de maddy gymmatlyklara eýe edip, ýurdumyzy halkara giňişliginde ykdysady taýdan örän tiz ösýän döwlet hökmünde ykrar etdi.