Ene arzuwlary wysala ýetýär

29 Mart 2021
1984

Ene arzuwy, elbetde, parahatçylyk, agzybirlik, birek-birege ynanyşmak hem hormat-sarpa bilen bagly. Çünki eneleriň mukaddeslige deňelip, arzylanýan, çagajyklaryň şadyýan gülküleriniň belentden ýaňlanýan asuda hem parahat ýurdunda arzuwlar wysal tapýandyr. Garaşsyzlygy baýdak edinip, baky Bitaraplyk ýoluny saýlap alan eziz Watanymyzda-da ene arzuwlary wysal tapýar. Mähriban Arkadagymyz hem: «Biziň ähli maksatlarymyz, amala aşyrýan işlerimiz ýurdumyzda abadan, bolelin we parahat durmuşy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Asuda durmuş bolsa ähli eneleriň köňül arzuwydyr, maksat-myradydyr» diýýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda mähriban enelerimiz, gelin-gyzlarymyz ýaşaýşyň gözbaşyna, durmuşymyzyň bezegine deňelip, «Gözümiziň guwanjy, halkymyzyň buýsanjy» diýip arzylanýar. Olaryň kemally perzentleri terbiýeläp ýetişdirmekleri, dürli kärlerde ak ýürek bilen zähmet çekmekleri üçin ähli amatlyklar we ýeňillikler döredilýär.

Mähriban Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her ýylyň bahar pasly eziz enelerimiz, gelin-gyzlarymyz üçin ýatdan çykmajak şatlykly wakalara beslenýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, paýtagt şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylda baharyň gelşi has-da üýtgeşik boldy. Aslynda-ha, bu taryhy ýyl enelerimiz, zenanlarymyz üçin ýatdan çykmajak şatlykly wakalara, şanly senelere, dabaraly açylyşlara beslenip geldi. Şol ajaýyp wakalar bahar paslynyň ilkinji günleriniň göwünlere ganat baglan şatlykly pursatlary bilen utgaşdy. Halkara zenanlar güni mynasybetli çagalar baglaryna gatnaýan gyzjagazlardan başlap, dürli kärdäki zenanlara, hormatly dynç alyşdaky enelerimize Arkadag Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň berilmegi, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelerimiziň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly atlaryň dakylmagy, şeýle-de bu bagtyýar maşgalalaryň birnäçesine ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy ýaz göwünli mähribanlarymyzyň baýramçylyk ruhubelentligini goşalandyrdy.

Ýazga geçiren: Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby».