Akhanyň ak ýoly dowam, Arkadag!

25 Mart 2021
852

Şeýle bir halatlar, hadysalar bolýar. Göwnüňe bolmasa, olar biziň güýjümizden has daşary gelýän ýaly bolup görünýär. Ýaly däldir-de, daşarydyr. Ony täsin waka diýibem bilýärler. Ol beýle däl. Düýbünden başga zat. Takygyny aýtsaň, Gudratdan gelýän güýç, adatylykdan ýokary göterilýän başarnyk, başgalyk. Ol saňa berlende, bada gelende, adam bulaň ählisine ukyplydyr. Aslynda, ynsan güýjüne gelýän zat barmy?! Ýokdur. Ony dünýe boýun alýar ahyryn. Aldyrýan ägirtler, ärler bardyr. Zehinmi ol, ruhy goldawmy ol, sen dünýe bilen gidişip bilýänsiň. Olaryň güýji bilen dünýe bakylygyny-müdimiligini saklaýar. Dürli taraply ussatlara baş egýäň, tär-tilsimini ele alyşlaryna haýran galýaň. Diýýänim dünýäň danadan tanymal ynsanlaryna degişli. Men bu ýerde nämäni ýaňzytjak bolýan?! Sözümiz, söhbedimiz bedew hakda. Diýmek, suw şol tarapa syrygýar, akýar.

Gahryman Arkadagymyz ýaly atda çapyp bilýän aperin bardyr öýdemok. Bu uly aýratynlyk hem artykmaçlyk. Men bu barada ýazan uly göwrümli goşgymy ýatlamaly bolýan. Bedew, onda-da Akhan at meniň döredijiligimden aýry duranok, dolulygy bilen baglanyşyklydyr.

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.