Ýüregi sen ýurdumyň, ak şäherim Aşgabat!

25 Mart 2021
934

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän şowhunly dabaralara beslenýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ösüşleriň belent sepgitlerini nazarlaýan halk bähbitli özgertmeler bolsa bedew badyna beslenip, halkymyzyň göwnüni galkyndyrýar, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dabaralandyrýar.

Sahawatly türkmen topragyny nurlandyryp dogýan Gün täze ösüşleriň, buýsandyryjy wakalaryň buşlukçysy bolup dünýäni nurlandyrýar. Biz muny ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalaryň mysalynda hem anyk göz ýetirýäris. Toýlary-toýa ulaşýan berkarar döwletimizde halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Halkara Nowruz gününi uly ruhubelentlikde belläp geçdi. Dabaralara beslenen günlerde halkymyzyň bir adam ýaly bolup agzybirlikde bag oturtmak işine işjeň gatnaşmagy ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýany gorap saklamak ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysaly boldy.

«Adalat».