Parahatçylyk — dünýäniň ykraryýeti

25 Mart 2021
989

Öňňin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly “Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat maslahaty geçirildi. Onlaýn duşuşyga “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň, Türkiýäniň “TRT” teleradiokorporasiýasynyň, Russiýanyň “Russia Today” halkara habar beriş teleýaýlymlar ulgamynyň, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU), “Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy” federal döwlet unitar kärhanasynyň, Hindistanyň “Prasar Bharati” ýaýlymlar kompaniýasynyň, Özbegistanyň milli teleradiokompaniýasynyň, Azerbaýjanyň “AzerTAj” Döwlet habarlar agentliginiň, “Aztv” halkara radiosynyň, Gruziýanyň “TW-24” teleýaýlymynyň, Ermenistanyň “ARMENPRESS” habarlar agentliginiň we beýlekileriň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet habarlar agentliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň we ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri gatnaşdylar.

Metbugat maslahatynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň abadançylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryny jebisleşdirmek, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň mümkinçiliklerini giňeltmek barada pikir alşyldy.