Nowjuwanlygyň, täzelenişiň toýy

22 Mart 2021
731

Halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, hoşniýetlilik we birek-birege ynanyşmak ýaly milli dünýägaraýyşlaryny özünde jemleýän Halkara Nowruz baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslendi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden, nesilden-nesle geçirip gelýän milli baýramlaryna, däp-dessurlaryna aýratyn uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen baýramçylyk dabaralary medeniýetimiziň, milli mirasymyzyň köp öwüşginliligini we gadymylygyny ýene-de bir gezek äşgär etdi. Şonuň ýaly-da «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyzyň şanly taryhyndan gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamatynyň dowam bolýandygyny dabaralandyrdy.