Halklary we kalplary ýakynlaşdyrýan baýram

22 Mart 2021
1272

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip at berlen 2021-nji ýylyň Halkara Nowruz güni dünýä jemgyýetçiliginde agzybirlik we ynsanperwerlik ýörelgelerini has-da dabaralandyrýar. Ýer ýüzüniň 300 milliondan gowrak ilaty tarapyndan milli baýram hökmünde bellenilýän Nowruzyň birek-birege hormat goýmagyň, parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň beýik ideýalaryny özünde jemlemegi onuň tutuş adamzadyň gymmatly mirasy hökmünde sarpalanmagyny şertlendirýär.

Halkara Nowruz güni mynasybetli ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gazetimiziň üsti bilen türkmen Liderine we ähli halkymyza tüýs ýürekden çykýan hoşniýetli arzuwlaryny beýan edýärler.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».