Päkize umytlaryň gönezligi

20 Mart 2021
894

Halkara Nowruz baýramyny bellemek däbi bize ata-babalarymyzdan miras galypdyr. Gündogaryň beýik danasy Omar Haýýamyň «Nowruznama» atly eserinde bu gadymy baýram bilen baglanyşykly däp-dessurlar, edim-gylymlar barada söhbet açylýar. Käbir halklarda dowam edip gelýän däplere görä, Nowruzy öýüňde garşylamak göwne makul hasaplanylýar. Irki döwürlerde şol gün öýüň gapysyny ýapmandyrlar, uzak gije çyrany söndürmändirler. Nowruz däpleri adamlaryň arasynda birek-birege ynanyşmak, ýagşylyk etmek ýaly duýgulary döredipdir. Pederlerimiz bu baýramy öýke-kineleriň unudylýan, täze umyt-arzuwlaryň, ýagşy niýetleriň şineleýän baýramy diýip hasaplaýarlar. Baýramçylyga görülýän ählumumy taýýarlyk — köpçülik bolup bag nahallaryny oturtmak, ýaplary arassalamak, milli tagamlary taýýarlamak ýaly ýörelgeler gönüden-göni Nowruzyň gelmegi bilen berk baglanyşyklydyr hem-de her ynsanyň kalbyna nur bolup dolýan päkize umyt-arzuwlaryň gönezligidir.

Gözýetmez ýaýlalarymyzyň ýaşyl begrese bürenip, gül-gülälekli sähralarymyzda saýrak guşlaryň hoş owazynyň joşgunly ýaňlanyp, owlak-guzularyň sesleri bilen özboluşly sazlaşyk tapýan günlerinde uludan toýlanylýan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bagtyýarlyk döwrümizde has-da berkän il agzybirligini, jebisligini ähli aýdyňlygy bilen görkezýän naýbaşy baýramlarymyzyň biridir. Ol hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ählumumy goldawa eýe bolan çözgüdiniň esasynda halkara derejesinde ykrar edildi.

Ogulşat TÖRÄÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.