Toý döwresi köňle şatlyk paýlaýar

20 Mart 2021
1253

Türkmen iline bahar geldi. Bahar ― Zeminiň gelşigi, köňülleriň soltany, ýaşaýşyň gözbaşy. Pasyllaryň soltany hasaplanylýan baharyň gelmegi bilen, bu barlykda oýanyş, direliş başlanýar. Owadanlygy bilen bilbilleri özüne bendi eden bahar pasly daň şemaly ýaly näzik, säher şapagy kimin tämiz Milli bahar baýramyny alyp geldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ösüşleriň ajaýyp belentliklerine barýan Diýarymyzda Milli bahar baýramy uludan bellenilýär.

Öz köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruzyň gelmegi adamlaryň bahardaky şatlygyny goşalandyrýar. Bu baýramyň ýurdumyzda bellenilişi, Nowruz däpleri dogrusynda Halaç etrabynyň Garabekewül şäher çagalar sungat mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Gülşat Begiýewa şeýle gürrüň berdi: