Ak şähere seýil-seýran mübärek

20 Mart 2021
1043

Gözel paýtagtymyz seýilgähleriň şäheridir. Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyza we Ahal welaýatyna iş saparynda bolup, iri gurluşyklardaky işler bilen tanşanda, gurulýan binalary bagy-bossanlyga büremek, ýaşyl zolaklary döretmek bilen bagly aýdanlary buýsançly başymyzy göge ýetirdi.

Bag diýmek — ýaşaýyş diýmek. Baglar gözellik döredişi bilen birlikde howany arassalap, onuň tämiz bolmagyna, netijede, adamlaryň ömür dowamlylygynyň uzamagyna ýardam edýär.

Annamuhammet HUMMEDOW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.