Semeni — ýokumlar çemeni

18 Mart 2021
973

Gadymyýetden bäri ençeme halklaryň dilinde Nowruz baýramynyň esasy nygmaty bolup gelýän semeniniň uly ýaşlylar üçin-de, çagalar üçin-de peýdasynyň uludygyny aýtsak hiç kimi-de geň galdyrmarys. Ýöne bu tagamyň witaminlere we minerallara baýlygy sebäpli, dürli dermanlyk häsiýetleriniň bardygyny bilip goýmak welin artykmaçlyk etmese gerek. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, bir nahar çemçesi möçberindäki semenide iki kilogram gök önümiňkä barabar witaminiň bardygy munuň ýönekeýje subutnamasydyr. Onuň düzüminiň şeýle baýdygyny göz öňünde tutup, semenini aşa köp iýmegem maslahat berilmeýär.

Semenini çenini bilip iýmek bagry, öýkeni arassalaýar, içegeleriň işleýşini gowulandyrýar. Nerw dartgynlylygynda-da, semeniniň täsiri uludyr. Onuň köşeşdiriji täsiri bar. Şonuň ýaly-da, semeni özünde bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak häsiýetiniň bardygy bilen hem gymmatlydyr. Witamin ýetmezçiligini bejermekde-de, semeniniň peýdasy diýseň uludyr. Umuman, semeniniň peýdaly häsiýetleri ženşeniňki bilen meňzeşdir.

Taýýarlan Ogulnäzik AMANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň kitaphanaçysy.