Dynç almagyň peýdasy

18 Mart 2021
941

Şol bir gaýtalanyp durýan hereketler, belli bir zatlar adamy juda ýadadýar. Şonuň üçin hem adam iş bilen dynç alşy gezekleşdirip, wagtyny hoş geçirse, saglyga örän oňat täsir edýär we köp dertleriň öňi alynýar, ýadawlygyny duýmaýar, fiziki taýdan güýçli bolýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadasyna görä, işjeň dynç alyş adamyň ruhy ýagdaýyna oňat täsirini ýetirýär. Işjeň dynç alyş adam bedeniniň öz-özünden dikelmegine ýardam edýär. Meselem, özüňe laýyk sportuň bir görnüşini saýlap alanyňda ýadawlygy aýyrýar, bedeniň ähli agzalaryna oňyn täsir edýär. Adamyň göwni açylyp, ruhubelent bolýar. Şeýdibem, ol işe durmuşa höwesli bolýar, ýaşaýşa belent söýgi bilen garaýar. Işjeň dynç almagyň dürli-dürli görnüşleri bardyr.

Hususan-da, welosipedde gezelenç etmek has-da oňaýlydyr. Munuň üçin bu ulagy sürmäge höwes bolmalydyr. Pasyllara görä balyk tutmak hem dynç alşyň iň gyzykly görnüşidir. Balyk tutulanda adam wagtyny oňat geçirýär we nerw ulgamy rahatlanýar. Ekologiýa taýdan arassa, tämiz howaly ýerde adam tebigatyň goýnunda dynç alyp rahatlanýar. Balyk tutup işjeň ýagdaýda dynç alýan adamyň işe bolan ukyby höwesi öňküden-de artýar.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.