Berkararlyk mukamy

15 Mart 2021
779

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrdy. Bu ýyl ata Watanymyz täze taryhynda bitirilen beýik işler bilen aýratyn many-mazmunda dabaralanýar. Türkmenistan şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlaryny uludan tutar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işler ýerine ýetirildi. Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna uludan taýýarlyk görülýär. Mukaddes Garaşsyzlyk — ýurdumyzyň berkararlygy, bagtyýarlygymyzyň gözbaşy. Paýhasly pederlerimiziň arzuwlan zamanasy bolan Garaşsyzlyk eýýamy halkymyza abadan ýaşaýşy, asuda, parahat, döwletli-döwrany peşgeş etdi. «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr!» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyz häzirki wagtda diňe bir syýasy-ykdysady, medeni-durmuş taýdan ösen döwlet hökmünde däl, eýsem, parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde hem dünýäde giňden tanalýar. Mähriban halkymyz dünýäniň ösüşinde türkmen ýolunyň röwşendigini gazanylýan beýik özgerişler bilen jahana äşgär etdi.

Goý, mähriban halkymyzyň parahat, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän, toý-baýramçylyklarymyzy bitirilen beýik işler bilen dabaralandyrýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Wepa BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň bölüm müdiri.