Syýahatçylyk ulgamyna bagyşlandy

15 Mart 2021
1007

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk müdirliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň Halkara Ykdysady Forumynyň çäklerinde Syýahatçylyk onlaýn kongresine gatnaşdylar. Onlaýn duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar milli ykdysadyýetleri pugtalandyrmak we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin dünýä syýahatçylygynyň eýeleýän ägirt uly ornuny göz öňünde tutup, ony ösdürmegiň zerurdygy, şeýle-de halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge gönükdirilýän forumlaryň örän möhümdigi barada nygtadylar.

Ýurdumyzda milli maksatlary we bähbitleri nazara alyp, syýahatçylygyň we şol sanda halkara syýahatçylygyň ösmegine aýratyn üns berilýär. Diýarymyzda häzirki zaman gözel künjekleri, köp sanly taryhy we medeni ýadygärlikleri, gaýtalanmajak keşpdäki dürli tebigy künjekleri özüniň aýratyn özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, jahankeşdeleriň üns merkezindedir diýip, çykyş edenler belledi.

Ýörite habarçymyz.