Saglyk — uly baýlyk

14 Mart 2021
1032

Ildeşlerimiziň sagdyn bedenli bolmagyny gazanmak, keselleriň öňüni almak maksady bilen, Ak bugdaý etrap häkimligi tarapyndan döredilen wagyz-nesihat topary tarapyndan ilatyň arasynda geçirilýän düşündiriş işleriniň netijeliligi gazanylýar. Munuň şeýledigine etrabyň «Bereketli zaman» şäherçe geňeşliginiň ýaşaýjylarynyň arasynda guralan wagyz-nesihat duşuşygy hem şaýatlyk edýär.

Duşuşykda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de saglygy goraýyş işgärleri çykyş edip, howa şertleriniň üýtgemegi we onuň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtükleriniň ulanylmagynyň, degişli howpsuz araçägi saklamagyň, şahsy, jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmegiň ähmiýeti barada durup geçdiler. Çykyşlarda ýokumly iýmitler, esasan-da, askorbin turşusyna baý önümler bilen iýmitlenmegiň, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň, otaglaryň howasyny tämiz saklamagyň peýdasy barada aýdylanlar ünsli diňlendi.