Halypa hatyrasy

12 Mart 2021
786

Welaýat çagalar sungat mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Mustak Aýmedowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly çäre geçirildi. Onuň çäklerinde mekdebiň milli saz gurallary we sazyň nazaryýeti bölümleriniň mugallymlary Jumageldi Orunow bilen Gunça Gapbarowa döredijilik agşamyny geçirdiler.

Halkymyzda «Bagşyly il ― bagtly il» diýilýän nakyl bar. Milli aýdym-saz sungatymyzda özboluşly yz galdyran bagşy Mustak Aýmedowyň hem aýratyn orny bardyr. Bu gün onuň galdyran uly mirasy ýurdumyzyň ýaş sungaty öwrenijileri tarapyndan içgin öwrenilýär. Halypanyň aýdym-saz gory welaýatymyzdaky çagalar sungat mekdeplerinde bilim alýan zehinli ýaşlara gymmatly çeşmedir.

Dilafruz UMBAROWA,
welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.