Sagdynlyk ýörelgesi gerim alýar

12 Mart 2021
1098

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen her bir raýatyň saglygyny berkitmek hem-de goramak barada derwaýys işler amala aşyrylýar. Oba saglyk merkezimiziň lukmanlarydyr şepagat uýalary hem şeýle işlere saldamly goşantlaryny goşýarlar. Güneşli Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, oba saglyk merkezimizde hem keselleriň öňüni almak barada zerur işler durmuşa geçirilýär we arassaçylygyň düzgünleri berk berjaý edilýär. Bagtyýar halkymyzyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň döremeginiň öňüni almak baş wezipämiz bolup durýar.

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsan saglygyny we ömrüni goramak biziň baş maksadymyzdyr” diýen sözlerinden ugur alyp, oba saglyk merkezimiziň işgärleri maşgala meýdançalarynda bolup, degerli işleri alyp barýarlar. Maşgala meýdançalarymyzyň raýatlaryna, ilatyň köpçülikleýin bolýan ýerlerinde ýiti respirator keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak barada wagyz edýäris.