Fortepiano — owazlaryň sazlaşygy

11 Mart 2021
1138

Saz gurallary baradaky gürrüňiň taryhyny alymlar baryp paleolit eýýamyna, adamyň daşdan, süňkden we agaçdan dürli gurallary ýasamagy öwrenen döwürlerine alyp gidýärler. Saz gurallarynyň içinde iň gadymylary kakylyp çalynýan saz gurallarydyr. Umuman, taryhyň dowamynda saz gurallarynyň kakylyp, üflenip çalynýan, kirişli... diýen ýaly dürli toparlara bölünýän ençeme görnüşleri döredildi. Olaryň arasynda klawesin, awikodra ýaly saz gurallarynyň kämilleşmeginde dörän fortepiano häzirki döwürde iň meşhurlarynyň biridir.

Häzirki zaman fortepianosynyň mehanikasy italýan ussasy Kristofori tarapyndan XVII asyryň ahyrynda oýlanyp tapylýar. Kristoforiniň täze saz guralynda düwmejikleri basanyňda hereket edýän «çekiçjikler» owazy emele getirýän kirişleriň aşagynda ýerleşipdir. Bu saz guralyny “gravicembalo col piano e forte” — “pianoforte” diýip atlandyrypdyrlar. Ýöne soňlugy bilen onuň fortepiano ady ýörgünli bolupdyr.

Taýýarlan Gunça BEGNAZAROWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.