Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň ýoly bilen röwşen geljege barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy we başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny gurşap alýan özgertmeler ata Watanymyzyň uly ösüşleri gazanmagyna şert döredýär.
Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň erkinlik, özbaşdaklyk baradaky arzuwlarynyň ajaýyp dabaralanmasy bolup, türkmen halkynyň bagtyýar ertirine, müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr. Garaşsyzlyk halkymyzyň millet, özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edilmegidir. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr.