Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar

10 Mart 2021
1756

8-nji martda ýurdumyzda Halkara zenanlar güni baýram edildi. Milli ýörelgelere laýyklykda geçirilýän bu baýram döwletimizde gelin-gyzlara bolan mähirli gatnaşyklary äşgär edýär.

Täze taryhy eýýamyň zähmetsöýer zenanlary milli ruhy gymmatlyklary hem-de halkymyzyň döreden dünýä nusgalyk däp-dessurlaryny döwrebap derejede dowam etdirmek bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalara işjeň gatnaşýarlar. Olar döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym we bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ugurlarynda zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barýarlar we ata Watanymyzyň belent derejelere ýetmegine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmak arkaly jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar.

«Watan».