Toýlarymyzyň taryhyndan

10 Mart 2021
2226

Taryhyň dürli döwürlerinde ýurdumyza gelip gören daşary ýurtly syýahatçylardyr alymlar türkmenleriň taryhy, ýaşaýyş-durmuşy, meşgullanan kärleri barada baý maglumatlary galdyrypdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti», «Çaý — melhem hem ylham», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýaly ençeme eserleri hem taryhymyzy we milli däp-dessurlarymyzy öwrenmekde uly gollanma bolup hyzmat edýär.

Halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän köp sanly ajaýyp däp-dessurlary bar. Şolaryň biri hem gelin toý däp-dessurlarydyr. Türkmen toýlary barada gymmatly ýazgylary galdyran A.Lomakiniň «Türkmenleriň adatlary» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Şerigatyň kanunlaryny berjaý edýän halklaryň arasynda türkmen zenanlarynyň jemgyýetdäki mertebesiniň belent tutulýandygyny aýratyn bellemelidiris. Bu ýagdaý türkmen gyzlarynyň öz islegine görä durmuşa çykjak ýigidini saýlamak meselesinde hem aýdyň äşgär bolýar... Türkmen gyzlary ýüzlerini nykap bilen örtmeýärler. Munuň özi toýdan öň ýigit bilen gyzyň biri-birini ýakyndan synlamagyna, tanyşmagyna mümkinçilik döredýär. Sawçylyk we gudaçylyk dessurlary olaryň hossarlary tarapyndan berjaý edilýär».

Gülendam ALLABERDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň talyby.