Joşgunly zähmet barha batlanýar

10 Mart 2021
999

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwrebap ulaglar düzümi hem-de ulag ýollary hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň üstünlikli ösmeginiň möhüm şertidir. «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 22-nji şahamçasynda hem bu ugurda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna taýýarlyk görülýän häzirki günlerde netijeli işler alnyp barylýar.

Şahamçada ýurdumyzyň gündogar sebitiniň demirýol we beýleki käbir gaýry pudaklaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça döwrebap we üznüksiz hyzmatlaryň ýokary derejede ýerine ýetirilýändigini görmek bolýar. Watanymyzda daşalýan ýükleriň agramly bölegi demirýol ulaglary arkaly amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ulgamyň işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Bu barada şahamçanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Nigara Hemraýewa şeýle gürrüň berýär.

Jangeldi IŞANKULYÝEW.