Arkadagly ajap döwrüň zenanlary

9 Mart 2021
774

Halkara zenanlar gününiň çuň mazmunly baýramçylyk çäreleri welaýatymyzda hem ähli üstünliklerimiziň gözbaşy bolup durýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanjak “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň bahar paslynyň ilkinji günlerinden badalga aldy. Joşgunly aýdym-sazlara beslenen baýramçylyk çärelerindäki buýsançly çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Arkadag Prezidentimiziň yglan eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mährem zenanlarynyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda döredijilikli zähmet çekmekleri, mynasyp dynç almaklary, döwrümiziň beýik maksat-tutumlaryna mynasyp goşant goşmaklary, maşgala abadançylygyny gorap saklamaklary, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekleri üçin zerur bolan ähli şert-mümkinçilikler döredilip, goldaw-hemaýatlar berilýär. Olaryň jemgyýetdäki mynasyp orny demokratiýanyň ählumumy ýörelgeleriniň ruhy däplerimiz bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy arkaly ýokarlandyrylýar. Zenanlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirýän kadalar bolsa durmuş, maşgala, zähmet hem-de beýleki kanunçylyk namalarynda mynasyp beýanyny tapýar.

Nurmämmet HYDYROW.
Surata düşüren Andreý pakulow, “Balkan”.