Agşamyňa Asman aşyk, Aşgabat!

8 Mart 2021
820

Agşamyňa Asman maýyl, eziz şäherim, çünki seň agşamlaryň diňe bir tebigy ahwalyň yzygiderli gaýtalanmasy däl-de, täze bir sungat eseriniň ýakymy hem ýalkymydyr. Hawa, Aşgabadyň agşamlarynyň hersi öz goýnunda biri-birine sazlaşyp gidýän täsinliklerden pürepürdir. Agşamlaryna paýtagt şäherimiziň iň görkana seýilgähleriniň biri bolan «Ylham» seýilgähine gezim etseň, dürli çyralaryň, yşyklaryň ýalkymynyň her ýana seçelenip gidýän çüwdürimleriň gözelligi bilen sepleşip gidýändiginiň şaýady bolýarsyň. Ol ýerdäki aýna köprüjikleriň emeli, enaýyja çeşmejikleriň üstünde goýulmagy, köprüden geçýänlere Asmanyň gijeki hoşsurat keşbini aýratyn şekillerde suratlandyrýar. Bu gözellikler gündizem hiç neneň däl welin, agşamlaryna aýna köprülere Aý şuglasy düşende, şuglazar dünýäniň täsin bir tebigy eseri döreýär oturyberýär:

Agşamyňa Asman aşyk, Aşgabat,
Geldim saňa menzil aşyp, Aşgabat,
Seýilgähleň zynatlydyr, görkana,
Şygyr ýazdym saňa joşup, Aşgabat!

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.