Alabaýyň täze tapylan heýkeli

8 Mart 2021
1027

Hormatly Prezidentimiz Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hem-de ony her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemek hakyndaky Permany watandaşlarymyzyň ýürek buýsançlaryny pürepürledi. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüjiligi bilen Türkmen alabaýynyň sap ganly gadymy tohumyny saklap galmak hem-de onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan şeýle toplumlaýyn işler asyrlar aşyp gelen milli baýlyklarymyzy barha baýlaşdyrmakda, giňden wagyz etmekde, ýaş nesli eziz Watanymyza wepalylyk, zähmetsöýerlik we belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýetlidir.

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» atly eserinde «Halkyň milli gymmatyna, Kemal türkmen alabaýy» diýip belleýşi ýaly, bagtyýarlyk döwrümizde köp müňýyllyk taryhly milletimiziň durmuşynda alabaýlaryň ornuny we geçmiş yzlaryny öwrenmek, milli itşynaslyk tejribelerini dikeltmek boýunça asyrlara ýaň saljak işler durmuşa geçirilýär.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, Halkara Türkmen alabaýy assosiasiýasynyň agzasy.