Ýürekleriň töründe orun alan ynsan

7 Mart 2021
1074

Kalby söýgüden, ýüzi nurdan doly eneler! Ene — keramatly söz. Ol söz ähli mukaddeslikleri, ähli gowulyklary, dünýädäki ähli barlygy bary-ýogy üç harpda jemleýär. Bu juda täsin hem-de uçursyz üýtgeşik aýdylan söz. Ynsanyň ynsan bolmagynyň, aslynda bolsa bu dünýäde ýaradylmagynyň sebäpkäri mukaddes enelerimiz. Dünýäniň iň beýik mukaddesligi — eneler hakynda goşgy goşmadyk şahyr, eser ýazmadyk ýazyjy, saz çalmadyk sazanda, aýdym aýtmadyk bagşy ýokdur diýsek, uly gürledigimiz bolmaz. Çünki eneleriň waspyny näçe etsegem, heniz-henizlerem azdyr. Eneler hakynda şunuň ýaly ajaýyp düşünjeleri ýöretmegiň özi hem ene mukaddesligine tagzym etmekdir. Döredijilik bilen içgin gyzyklanan pursatlarym eneleriň dünýäsiniň juda giňligi, olaryň iň mukaddes ynsanlardygy hakynda köp ýazgylara gabat geldim. «Eneler hiç haçan uklamaýarlar» diýip, şol ýazgylaryň birinde beýan edilipdir. Dünýä inen ilkinji pursatlarymyzdan başlap, häzir haýsy ýaşdaky adam bolsagam, eneler üçin biz şol sallançakda çaga ýaly görünýäris. Ynsan balasy nähili güýçli, paýhasly, edermen bolaýsyn, ol özüni dünýä inderen ynsanyň öňünde hemişe çaga mysalydyr. Mekdepden gijä galyp, öýe dolansagam, ejemiz ýolumyza garap oturandyr. Bir pişe bilen giden ýerimizden öýe dolanyp gelenimizde, howludan ätlärsiňem welin, seni ilkinji garşylaýan ynsan — biziň ejemizdir. Ýa-da ýetginjek ýyllarymyzy ýatlalyň, biz gijäni ikä bölüp, haçan öýe gelsegem, ejemiz hemişe oýadyr. Biziň düşegimize girenimizi görüp, soňra uklaýandyr. Ertir tursak hem ejemiz ýene-de aýak üstündedir. Biziň aladamyz bilen gydyrdanar ýörer. Ýeri onsoň sen näme üçin enäni söýmersiň, ony mukaddes saýmarsyň. Çünki eneň barlygynda dünýä indiň, ösdüň-ulaldyň, öý tutundyň, öwzarly bolduň. Öz perzendiniň üstüne döşüni gerip, ony ýelden-suwdan, otdan-apatdan, howpdan-hatardan gorap, başyny sypap ulaldan enelerimiz dälmidir?! Belki-de, şonuň üçin bolsa gerek, Beýik Biribaram jan içinde jan saklamagy diňe enelere ynanypdyr ahyry.

Eneler hakynda gürrüň gozgalanda bolsa, ene hüwdüsi hakynda söz açmasak, bärden gaýtdygymyz bolar. Sebäbi eneleriň mukaddesligini has-da mukaddesleşdirýän zatlaryň biri-de ene hüwdüsini döredendikleri hem-de ony şeýle bir kämil dereje-de ýerine ýetirýändikleridir. Şahyr aýtmyşlaýyn:

Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.