Saglygymyz öz elimizde

5 Mart 2021
810

Ýaz ajaýyp pasyllaryň biri. Ýazyna Zemin gözel görke gelýär. Bu pasylda dürli gök önümleriň, miweleriň her birisi dogry ulanylanda saglyga peýdalydyr. Ýöne käbir adamlarda allergiki ýagdaýlar hasaba alnan bolsa we olara lukman tarapyndan belli bir iýmit önümlerinden saklanmak maslahat berlen bolsa, bu maslahaty hökman doly berjaý etmeli. Sebäbi sepgitde bedende belli bir uýgunlaşma hadysasy bolup geçýär we beden ujypsyz üýtgeşmelere hem ýokary täsirli jogap berip bilýär. Şol sebäpden pasyl çalşygynda dogry we sagdyn iýmitlenmek zerurdyr. Arassa suw, gök önümler, süýt we süýt önümleri peýdalydyr. Ýazyna dürli iýmit zäherlenmeleriň öňüni almak maksady bilen, azyk önümlerine bildirilýän arassaçylyk düzgünlerini pugta berjaý etmeli. Meýdanda ýygylýan kömelegi tanaman, anyklaman peýdalanmak, iýmek maslahat berilmeýär. Zäherlenmek hadysasynyň bolmagy mümkindir.

Pasla görä dogry geýinmeli. Derläp daşaryk çykmak ýa-da gyzyp gelip sowuk suwa ýuwunmak, sowuk suwlary içmek gadagandyr. Aýakgaplar ykjam, rahat bolmaly. Her bir adam zähmet bilen ukyny sazlamaly. Ýeterlik ukyny almaly. Günüň dowamynda fiziki işjeň ýagdaýda bolmaly. Dürli atdanlykda döräp biljek şikeslerden goranmak üçin ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmeli. Öýde gündeki amallar ýerine ýetirilende seresap we ünsli bolmaly, ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmeli. Aşgarly, turşulykly erginleri, himiki ýuwujy serişdeleri çagalaryň eli ýetmeýän ýerlerinde saklamaly, çagalary gözegçiliksiz goýmaly däl.

Gülbahar JORAÝEWA,
«Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň direktorynyň orunbasary.