Ykbal size gülüp baksyn!

5 Mart 2021
862

8-nji martda ― Halkara zenanlar gününde çar tarapdan gelýän gutlaglary eşitmek örän ýakymly. Welaýat ýokanç keselleri hassahanasynyň lukmany Albina Bazarowa hem baýramçylyk mynasybetli ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýär:

― Göwnüňe bolmasa, gözellik, ezizlik, näziklik ýaly mukaddeslikler zenan diýlen umumy jümlede birleşýän ýaly bolup dur. Bu barada Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda has köp oýlanýarsyň. Zenan ― ejeň, zenan ― öýüň bikesi, zenan ― uýaň, zenan ― gyzyň. Olaryň haýsy biriniň gadyry beýlekisiniňkiden pes?! Her biri — öz ýerinde ornuny hiç kim tutup bilmejek beýiklik. Şonuň üçin hem bu baýramda olaryň her birini ýeke-ýekeden gutlasyň gelýär.