Öňüni alyş sanjymlary — ynsan saglygynyň ygtybarly kepili

5 Mart 2021
942

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň gerimi ýyl-ýyldan giňeldilýär. Häzirki döwürde ýokanç keselleriň öňüni almagyň esasy usullarynyň biri sanjymlama bolup durýar.

Türkmenistanda keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň Milli maksatnamasyna wirusly gepatitiň A we B görnüşlerine, inçekesele, poliomiýelite, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, hib, rotawirus, pnewmokokk ýokançlaryna we adamyň papilloma wirusyna garşy waksinalar girýär. Ýokarda agzalan keselleriň ilatymyzyň arasynda seýrek duş gelmegi hem-de ýurdumyzda keselçiligiň derejesiniň peselmegi immuno-öňüni alyş işleriniň guramaçylykly geçirilýändiginiň we bu işe ilatyň işjeň gatnaşýandygynyň subutnamasydyr.

Allamyrat ŞAJANOW,
welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň epidemiolog lukmany.