Göwün ganatlanýar aýdymlaryndan

5 Mart 2021
1135

Bagtyýarlyk döwrümiziň bedew batly ösüşlerini, dogduk Diýarymyzyň ajaýyp tebigatyny wasp edip, sungat äleminde halkymyzyň söýgüsini gazanmagy başaran ildeşlerimiziň biri hem Türkmenabat şäheriniň medeniýet merkeziniň aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Dilber Rahmanowadyr. Onuň ýerine ýetirýän «Arkadag», «Watanym, sende bagtly men, bagtly!», «Söýgi» we «Ezizlänim sen» ýaly aýdymlary il içinde uly höwes bilen diňlenilýär.

Ol orta mekdepde okaýan wagty «Akja kepderi» diýen ilkinji aýdymyny Balta Babamyradowyň halypalyk etmeginde ýerine ýetiripdi. Dilberiň aýdym-saza bolan höwesi şol ýyllarda döredi. Ol Dänew etrabynyň Maý geňeşliginiň Menzere obasynda 10-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysyka, zehinli ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşyp, ýeňiji boldy. Şeýle-de welaýat derejesinde geçirilýän dürli aýdym-saz bäsleşiklerinde yzygiderli öňdäki orunlara mynasyp bolup, sungat älemindäki ilkinji üstünliklerini gazanyp başlady. Meşhur halypalar Ymam Ýollyýew, Kümüş Hezretgulyýewa dagy Dilbere milli aýdym-saz sungatynyň inçeliklerini, sahnada özüňi alyp barmagyň ýollaryny öwredipdiler. Ol halypasy, sazanda hem kompozitor Rüstem Abdyresulow bilen bilelikde birnäçe aýdymlary döretdi.

Mahym ROZYÝEWA