Wasp edip bahary, zenan dünýäsin

3 Mart 2021
893

Hoştap howaly bahar paslynyň gelmegi bilen dag-düzler ýaşyl dona bürenýär.

Şeýle ajaýyp günlerde Halkara zenanlar güni mynasybetli eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde baýramçylyk dabaralary şatlyk-şagalaň bilen bellenilip geçilýär. Golaýda welaýat medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa welaýatymyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlar, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Mahym ROZYÝEWA,
ýörite habarçymyz.