Watana buýsanç — ömrüň manysy

3 Mart 2021
796

Ýurt asudalygynyň bahasy ýok! Watanymyzyň berkararlygy, asudalygy, il-günümiziň bagtyýarlygy bizi ählitaraplaýyn ösüşe alyp barýar. Çünki asudalygyň, agzybirligiň, sagdynlygyň höküm sürýän Diýarynda ähli ýagşy işler, beýik maksatlar diňe öňe ilerlemek, ösüşlere beslenmek hem-de täze-täze belentliklere göterilmek bilendir. Munuň üçin bolsa hormatly Prezidentimiz öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyny üstünlikli ýöretmek arkaly belent tutumly işleri amala aşyrýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly ýurdumyzyň dost-doganlyk serhetleriniň asudalygynda, ýurtda bagtyýarlygyň güllemegi üçin durmuş ähmiýetli derwaýys meseleleriň oňyn çözgütleriniň aňyrsynda mähriban Arkadagymyzyň çuňňur pähim-parasada ýugrulan asylly başlangyçlary bar.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watany söýmekden, Watany gözüň görejine deňäp goramakdan, Watana wepaly gulluk etmekden beýik mertebe we şol mertebeden uly bagt ýokdur. Şu Watanyň barlygy — biziň barlygymyzdyr. Bizi bagtly ertirlere atarýan, ýaşaýşa bolan umydymyzy alawlandyryp, has-da belent işlere ruhlandyrýan beýiklik hem — eziz Watanymyza bolan söýgümizdir. Ömrümiziň ähli manysy şu mukaddes topraga, ata Watana baglydyr. Ykbal her ynsanyň öz Watanyna bolan söýgüsiniň ölçegine barabar bagt-rysgal eçilermiş. Hut şonuň üçinem, eziz Watanyna, mähriban halkyna ak ýürekden hyzmat eden adamyň ýedi arkasy döwlet tapypdyr. Watana wepaly gulluk etmek, ony janyň-teniň bilen söýmek ynsany hakyky kämillige ýetirýär. Goý, şeýle kämillige ýetmek her birimize miýesser etsin!

Dinara MURADOWA,
maýor.