Parahatçylyk — döwlet syýasatynyň esasy ugry

3 Mart 2021
675

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda görlüp-eşidilmedik eşretli zamana ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen içeri hem daşary syýasatymyzda giň möçberli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Parahatçylygyň tarapdary bolan Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişliginde at-abraýy barha rowaçlanýar. Munuň düýp özeninde ýurdumyzyň Garaşsyzlygy hem hemişelik Bitaraplygy bar. Çünki, Garaşsyz döwletimiz parahatçylyk ýoly bilen ähli ulgamlarda dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýýar.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär.