Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip...

1 Mart 2021
987

Welaýat häkimliginiň garamagyndaky 1-nji başlangyç hünär okuw mekdebinde hem arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilişi, kadaly iýmitlenmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek we agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynmak barada wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Wagyz-nesihat çärelerine hünär mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşýarlar. Şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda ygtybarly çäredigi hakynda talyp ýaşlara yzygiderli ündelýär. Olaryň agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynmagyna, howpsuz araçägi saklamagyna gözegçilik edilýär. Orta hünär okuw mekdebimizde işgärleriň, mugallymlaryň we talyplaryň şahsy arassaçylyk düzgünlerini doly berjaý etmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Olaryň ellerini ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmagy üçin oňaýly şertler döredildi. Şeýle hem, okuw mekdebimiziň esasy girelgesinde we okuw otaglarynda saglyk burçlary döredilip, zerur arassaçylyk we zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen doly üpjün edildi.

Okuw otaglarynyň arassaçylygyna, zyýansyzlandyrylyşyna we ýelejiredilmegine gözegçilik edilýär we bu babatda zerur çäreler wagtly-wagtynda berjaý edilýär. Şeýle hem üzärlik oty ýygy-ýygydan tütedilýär.

Merjen ANNABAÝEWA,
welaýat häkimliginiň garamagyndaky 1-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.