Ösüşiň we hyzmatdaşlygyň ýurdy

1 Mart 2021
791

Şanly Garaşsyzlygymyz biziň ählimiziň bagtyýar ýaşaýşymyzyň, döwletliligimiziň esasy şertidir. Ýurdumyzyň 30 ýyl mundan ozal gazanan mukaddes Garaşsyzlygy halkymyzyň milli buýsanjy, asyrlarboýy ýüreginde beslän arzuwydyr. Bu günki ýetilen sepgitler, gazanylan ösüşler, myrat tapan maksatlar — bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna eçilen eşretleridir. Sanlyja ýylyň içinde bina edilen desgalar, çar tarapa uzan dostluk ýollary, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, ösüşiň täze belentlikleri — bularyň ählisi ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň ajaýyp miweleridir, halkyň bagtyýar ýaşaýşynyň güwäsidir. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, döwletimiz halkymyzyň abadan, bolelin, bagtyýar durmuşynyň, halal zähmetiň hözirini görmegi üpjün etmegiň ygtybarly ugurlaryny ýörelge edindi. Bu bolsa döwletimiziň syýasy, ykdysady we hukuk binýatlarynyň berkarar edilmegine şert döretdi. Munuň bilen birlikde ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen köpugurly hyzmatdaşlygy bolsa, parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatynyň ornunyň has-da berkemegine şert döretdi.

Türkmenistanyň Demirgazyk ― Günorta, Gündogar ― Günbatar ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmegi we ony hil taýdan täze derejä çykarmagy, bir tarapdan, geçmişde dünýä medeniýetiniň we siwilizasiýanyň ösüşinde mynasyp orny eýelän Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine şert döretse, beýleki bir tarapdan, ýurdumyzy döwre görä ösdürmäge ýardam etdi. Bu bolsa Garaşsyz Türkmenistanyň tiz wagtda dünýäde ösüşiň we hyzmatdaşlygyň ýurdy hökmünde tanalmagyna giň mümkinçilik açdy. Çar tarapa gurlan hyzmatdaşlyk köprüleridir dostluk ýollary-da adamzadyň, ýagny, dünýä halklarynyň abadan ýaşaýşyny gazanmak, yklymlary biri-birine ýakynlaşdyrmak ýaly ynsanperwer işleriň amala aşyrylmagy üçin hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatda saýlap alan bu ýolunyň aňyrsynda bolsa halkymyza mahsus bolan we sünnälenilen hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyksöýüjilik, birek-birege sarpa goýmaklyk, sözüňe-lebziňe ygrarlylyk, ynanyşmaklyk ýaly mukaddes ýörelgeler ýatyr.

Bahram KOLDAŞOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň welaýat müdirliginiň döwlet sanawyny alyp barýan döwlet bellige alyjysy.