Halypalardan tälim alyp

1 Mart 2021
1130

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge uly üns berýär. Soňky ýyllarda sungat äleminde zehinli ýaşlaryň birnäçesi ýüze çykardy. Şolaryň biri-de welaýatymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artisti Döwran Joraýewdir.

Ol okuwy tamamlap, 2010-njy ýylda teatrda işe başlady. Ýaş artist işe başlan gününden Türkmenistanyň halk artistleri Akjagül Suhanowa, Babageldi Rejepow, tanymal artist Bagsere Röwşenowa ýaly ussatlary özüne halypa edinip, etmeli işlerini, döretmeli keşplerini olar bilen maslahatlaşdy. Oňa Magtymguly Pyragy, Seýitnazar Seýdi ýaly beýik şahsyýetlerimiziň keşplerini döretmeklik ynanylýar. Ol halypalaryndan öwrenen döredijilik usul-tärlerini zähmete bolan söýgüsi bilen dowam edýär.

Annatuwak ARAZMÄMMEDOW,
Türkmenabat şäherindäki «Hemaýat» okuw we maslahat merkeziniň mugallymy.