Aziýanyň merjeni

28 Fewral 2021
801

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda bagtyýar ulus-ilimiz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ajaýyp seneleriň ikisini — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny hem-de paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uly dabaralar bilen belläp geçer. Şonuň bilen baglanyşykly, häzirki ajaýyp günlerimizde şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri ählimizi begendirýär.

Aşgabadyň gözel künjeklerinde, şaýollaryň ugrunda ak nura beslenen mermer şäherimiziň 140 ýyllygyny alamatlandyrýan dürli bezeglerdir şygarlaryň ýerleşdirilmegi paýtagtymyzyň nurana görküne özboluşly sazlaşyk goşýar hem-de göreniň ünsüni çekýär. Şeýle bezegler Aşgabadyň 140 ýyllygynyň senesine aýratyn ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar.

Oguljemal ŞAMYRADOWA,
Gökdepe etrap merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.