Watan jandan ileri («Ga­raş­syz­ly­gyň mi­we­le­ri» at­ly ma­ka­la­lar top­lu­myn­dan)

27 Fewral 2021
1124

Garaşsyzlygyň miweleri! Olaryň her birine bolan buýsanjyň seni bulutlaryň deňine göterýär. Şolaryň ilkinjileriniň biri bolsa gül Watanyňa guwanmakdyr.

Watana guwanmak ýaly beýik, mukaddes özge bir duýgy, megerem, ýok bolsa gerek. Onuň dagyna-bagyna, köldür çölüne, sähradyr düzüne bakanyňda bu topragyň howasyndan dem alýandygyňa bolan hoşallygyň seniň kalbyňa dolýar-da, ony guş kibi uçuryp goýberýär. Ondan bolsa bu topragyň her daban ýeridir ähli barlyklary gözüňe şeýle bir yssy görünýär welin, dogduk ülkäňe guwanmakdan ýaňa janyň heýjana gelýär.

Akmuhammet HEMIDOW,
«Diýar».